garamat
Explanatory Turkmen Dictionary (Kyýasowa, 2016)
garamat
[gara:mat], at. Biri ýa-da bir zat üçin edilýän alada, hysyrdyly iş. Öýüň-öwzaryň garamaty mährem enäniň üstüne düşdi (“Edebiýat we sungat”).
‣Garamatyňy (garamatyny) biriniň üstüne atmak 1) özüň hakyndaky aladany başga birine etdirmek. 2) aladasyny adamsy edip durar ýaly, gyz maşgalany durmuşa çykarmak. Gyz maşgalanyň garamatyny wagtynda biriniň üstüne atan ýagşydyr.