gan
English—Turkish Dictionary (FreeDict, 2017)
gan /fɹˈɒt/
1. (eski) began: (bak.) begin
Explanatory Turkmen Dictionary (Kyýasowa, 2016)
gan
[ga:n], at. Esasy damarlar arkaly bedeniň ähli ýerine aýlanyp, ähli öýjüklerini iýmitlendirýän gyzyl reňkli suwuklyk.
‣ Gan aglamak (ýyglamak, eňremek) ýanyp- bişmek, jibrinmek, gözýaş etmek, zeýrenmek. Gardaşlar, syrdaşlar, ýakynlar, ýatlar, Gara geýip, gan ýyglaşdy diýdiler (Magtymguly).Gan algyly gany ýerine saljak bolýan, hun algyly, öldürilen hossarynyň ýerine gan algysy bar bolan. Gan almak 1) bedeniň belli bir damaryndan çirtip gan çykarmak. Goluňdan gan aldyrmak. 2) köne däp-dessur boýunça, öldürilen adama derek ganhoryň ýakyn garyndaşlarynyň birini öldürmek, ar almak. Gan çaýkamak gyrgynçylyk etmek, gan dökmek. Gan dökmek uruş, söweş etmek, jan alyp, jan bermek. Gan gagşatmak ýerliksiz azgyrylyp, gaharlanyp özüňe garaşly adamlary horlamak. Gan gusmak ser. Gan ýuwutmak. Gan öýmek teniň urlan, gapjalan ýerine gan ýygnanyp gögermek. Ol gaharly gygyranda, aksowult ýüzüne gan öýen ýaly boldy (B. Hudaýnazarow). Gany depesine (beýnisine, kellesine (inmek) urmak güýçli gaharlanmak, gazaba münmek. Gahar-gazapdan gyzan gany depesine urdy. Gany gaçmak gorkmaklyk, ysgynsyzlyk we ş.m. zerarly reňki agarmak, ak tam bolmak, gan-pet galmazlyk. Onuň ýüzüniň gany gaçdy (N. Jumaýew). Gany gaçyk gan-peti ýok, ysgynsyz, keselbent, ýüzi ak tam. Gany gatamak gaty suwsamak, tebsiremek. Çerkez näçe gyssansa-da, taýharynyň ganynyň gatanyny aňlany üçin, oňa suw içmäge maý berdi (B. Kerbabaýew). Ganyna galmak birini öldürmek, ganhor bolmak. Ganyna siňmek aňyňa berk ornaşmak, berk girmek, düşünjäňde ýer almak. Ganyny gaçyrmak gahardan ýaňa ýüzüňi ak tam etmek, gaty gaharyň gelmek, gazaplanmak. Ertesi ir bilen Nepes ganyny gaçyryp, bize geldi (“Edebiýat we sungat”). Ganyny geçmek (ötmek) gandaryň günäsini geçmek, gan algyňy bagyşlamak; öldürmegi goýbolsun etmek. Men indi agamyň ganyny ötdüm (“Görogly”). Ganyny içmek (sormak)1) janyny almak, öldürmek. Jellat gelse, ganyň içer, Geýen donuň kepen biçer (Talyby). 2) göç.m. biriniň daban azabyny gemirmek; ezmek. Ganyň gyzmak (gaýnamak) gaharyň gelmek, janyň ýanmak, gazaplanmak. Gan ysy gelmek soňy ölüm howply, hatarly, gorkuly ýagdaý döremek. Ýeri, oglan, bu nä äsgermezlik? Bu boluşdan gan ysy gelýär-le (“Edebiýat we sungat”). Gany ýerde galmazlyk gan ýerine gan almaklyk, gany köýmezlik. Ýerde galmaz doganlarmyzyň gany (A. Atajanow). Gan ýaly 1)ýyly, sowuk däl. Şerbet sowukmy? Ýok, içer ýaly däl, gan ýaly.2) gaty gyzyl, gyp-gyzyl. Gan ýuwutdyrmak hupbat baryny çekdirmek, ezýet görkezmek, ejir çekdirmek, horlamak. Mesele şeýle anyk goýulsa-da, ony durmuşa geçirmek oňa gan ýuwutdyrdy (B. Öwezow). Gan ýuwutmak hupbat baryny çekmek, ezýet görmek, ejir çekmek. Gaýry Watan tutar boldum, Gara ganlar ýutar boldum (“Hüýrlukga – Hemra”). Gan ýylysy bolmak çala ýylysy bolmak (çaý, suw we ş.m. hakynda).