turklehceleri.org

galpak

Explanatory Turkmen Dictionary (Kyýasowa, 2016)

galpak

at. 1. Çaganyň päki degmedik ilkinji saçy. Suratda gara galpajygy eginjigine düşüp duran, ak ýüzlüje, tokarja gyzjagaz bir enaýyja gülüpjik otyrdy (“Edebiýat we sungat”). 2. kön.s. Kellä geýilýän tahýa. Hup ýaraşar başda galpak, egniňe gülgün kaba (Mollanepes). Galpak geýerler al bilen, Ýüzün bezärler hal bilen, Gezerler ýüz hyýal bilen, Seýl edip her ýana gyzlar (“Kasym oglan”). 3. Çyranyň ýagtysy bir ýere düşer ýaly, çüýşesine geýdirilýän örtük. 4. Oglana ýa- da gyza dakylýan at.
 ‣Galpak toýy çaganyň galpagy syrylanda edilýän toý. Bu gün kiçi agtygymyň galpak toýy.


Last searches: