turklehceleri.org

gabat

Explanatory Turkmen Dictionary (Kyýasowa, 2016)

gabat

[gavat], at. 1. Biri-biri bilen ýüzbe-ýüz, bir zadyň gös-göni alyny, göni garşysy. Ol meniň gabat garşymda oturdy. 2. Ýöneliş, wagt-orun, çykyş düşümlerde gelip, sözsoňy kömekçi hyzmatyny ýerine ýetirýär.
 ‣ Gabat bolmak bir zada dulanmak, öňüni gabsamak, öňüni örtmek. Olaryň käbiri Günüň öňüne gabat bolup, onuň ýaldyrawuk ýüzüni örtýärdiler (B. Gulow). Gabat gelen öňýeten, ilki duşan, çem gelen. Men häzir gabat gelen ulaga münüp, şol ýere gideýin.Gabat gelmek1) birine ýa-da bir zada duş gelmek, pete-pet bolmak, duşmak. Ýusup goýun bakyp ýörkä, Nury kel oňa tötänden gabat geldi (B. Soltannyýazow). Dostuma teatrda gabat geldim. 2) laýyk gelmek. Ikimiziňem doglan günümiz gabat gelýär.


Last searches: