turklehceleri.org

eňek

Explanatory Turkmen Dictionary (Kyýasowa, 2016)

eňek

at.1.Ýüzüň aşaky çürelýän ýeri, äň süňkleriniň birleşýän ýeri. 2.Keçäniň gyrasyna salynýan nagyş we onuň ady. 3.göç.m. Hiç kime ýeň bermän, öz diýenini tutup duran keç adam, jedelçi. Duran bir eňekdir, bakmaz sözüňe (A. Kekilow).
 ‣ Eňek atmak 1) öldüm-öldümiň öň ýanynda bolmak, agyr hassa bolmak, halys ysgyndan düşmek. Eňek atyp ýatan hassany ýeke taşlap, adam çagyrmaga gidip bilmän, gijäni ýarym etdiler (H. Derýaýew). 2) gözýetimde gizlenmäge ýakynlaşmak, ýaşaňkyrlamak (gün hakynda). Gün eňek atdy. Eňek bermezlik öz pikirinden, düşünişinden el çekmezlik, başga adamyň pikiri bilen düýbünden razylaşmazlyk, baş bermezlik. Gurban "şu çyn boljak" diýip, tüýs eňek bermedi. Eňek dyndarmazlyk tabşyrylan işi oňat ýerine ýetirmezlik, nämedir bir zady doly etmezlik, kanagatlandyrmazlyk. Oňa ýumuş buýursagam-a buýurdyk weli, eňek dyndarmasa gerek! Eňegiňi basmak içmek üçin içine çal, suw ýaly suwuk zat guýlan tabaga eňegini ýetirmek. Ol çal guýlan jama eňegini basdy. Eňegine ata sakgaly çykan beden we ruhy taýdan ýetişen, ýigit çykan. Onuň eňegine ata sakgaly çykan ogly bar. Eňegiň dynmazlyk kimdir birinden ýa-da bir zatdan gönenmezlik, birinden ýa-da bir zatdan azar çekmeklik. Eňegine jaň dakylan ýaly hiç kime gezek bermän köp gepleýän, ýaňra, lakgy. Eňegiňe tutmak aýdanyňy gögertjek bolmak, özüňkini mamla hasaplamak, öz diýeniňden dönmezlik. Eňegi ýere berilmek ser.Ýüzi ýere berilmek. Ol daşa büdräp, eňegi ýere berildi. Eňek etmek bir zat hakynda dawa etmek, jedelleşmek, jedel etmek, dawalaşmak. Päheý, saňa ýöne eňek et diýseň! (B. Kerbabaýew).


Last searches: