turklehceleri.org

düwün

Explanatory Turkmen Dictionary (Kyýasowa, 2016)

düwün

at.1.Ýüpüň we ş.m. zadyň düwlen ýeri. Sygyrlaryň, beýleki mallaryň ýüpleri könelipdi, düwünleri kändi (B. Seýtäkow). 2.Damaryň çekmegi netijesinde döreýän gaty, ýumry, çiş. Barmaklarynyň düwünleri ýumralyşan bir adam elini uzadyp, onuň bilen täzeden görüşdi (B. Kerbabaýew). 3.göç.m. Bir zadyň esasy jemlenýän ýeri, özeni, çeşmesi. Ine, oýnuň esasy mazmunynyň düwni şol ýerden çözlenip başlaýar. 4. göç.m. Ahmyr, kine. Şondanam ýürekde düwün, göwünde hasrat galdy (“Edebiýat we sungat”).


Last searches: