turklehceleri.org

dünýä

Explanatory Turkmen Dictionary (Kyýasowa, 2016)

dünýä

[dünýä:], at. 1. Bütin ýer togalagy, jahan, älem. Ýedi dag, ýedi derýa, Däli dünýäni görsem (Magtymguly). Seniň bilen dünýäniň o çetine-de gitmäge razy (G. Kulyýew). 2. Durmuş, ýaşaýyş. Şu mahal Berdiden: - Seniň dünýäde näme maksadyň bar?- diýip sorasaň, "Şu oýnaklap duran gara göze ýetmek maksadym bar"Іdiýjegine şek-şübhe ýokdy (H. Derýaýew). 3. Döwür, zaman, eýýäm. Köne dünýä göýä ömrüniň soňuna ýetip, zamana ahyr bolana meňzeýärdi (B. Seýtäkow). 4. Aýratyn gurluşy bolan adamzat jemgyýeti. Dünýäler üýtgäp dur. 5. Gyza dakylýan at.
 ‣ Dünýäden bihabar hiç zatdan habarsyz. Okuwçylar bolsa dünýäden bihabar, öz aralarynda degişme gürrüňler edip gülşüp, şatlykly şowhunlary bilen köçäni dolduryp barýardylar (A. Gowşudow). Dünýäden habarly hemme zady bilýän, hemme zatdan habarly. Senem dünýäden habarly-ow! Dünýäden ötmek aradan çykmak, amanadyny tabşyrmak, ölmek, ýogalmak, gaýtmak. Ol pahyr öten ýyl däl, öňküsi ýyl dünýäden ötdi (G. Kulyýew). Dünýä dursun, sen dur! ömrüň uzak bolsun, uzak ýaşa. Dünýä inmek eneden bolmak, dogulmak. Dünýäň azabyndan dynmak ölmek. Dünýäň daralmak örän darykmak, gaty gysylmak, uly alada galmak. Dünýäň zady mukdar taýdan köp, ummasyz. Jeren sowgat diýip dünýäň zadyny getiripdir. Dünýä ýygmak uly baýlyk toplamak. Dünýä ýygan gider emlägin goýup, Geýip gider alty gary bizleri (Seýdi).


Last searches: