döwmek
Explanatory Turkmen Dictionary (Kyýasowa, 2016)
döwmek
[döwmök], işl. 1. Abat zady böleklemek, döwük görnüşine getirmek. Käse döwmek. 2. Böleklere bölmek, maýdalamak, owratmak, uşatmak. Gant döwmek. 3. Daşynyň gabygyny owradyp, içiniň dänesini, maňzyny almak. Bugdaýy indi diňe döwüp, atyp almak gerekdi (A. Gowşudow). 4. Beden süňkleriniň bir ýerine güýçli şikes ýetirmek. 5. Sandan çykarmak, zaýalamak (gural, maşyn we ş.m. hakynda). 6. gepl.d. Örän berk tankytlamak. Birini öwüp, beýlekisini döwmek. 7. Kakmaçlyk eti taýýarlamak, ýençgilemek. Döwlen etden Bibi daýza bal ýaly kakmaç taýýarlady.
‣Döwüp geç (geçsin) adatça, düýp derejedäki geçmek işligi hal işlik goşulmasy goşulan döwmek işliginiň yzyndan gelip, biriniň hereketini oňlamadyk adam tarapyndan aýdylýar. "Döwseň döwüp geç, oýnawaç özüňe gerek" diýip, çaganyň ejesi käýindi.