dynç
Explanatory Turkmen Dictionary (Kyýasowa, 2016)
dynç
[dy:nç], syp. 1.Argyn däl, ýadaw däl; işlemän oturan. Dynç adam. 2.Asudalyk ýagdaýynda bolan, hereketsiz. Näme üçin biz bu atlary bakyp- bejerip, boş ýatyrýarys, bu zamanda iýip-içip dynç ýatmak halanmaýar, peýdalanyň! - diýip, Hoşgeldi aýtdy (A. Gowşudow).3.Rahat, gowgasyz. Dynç başyňy depirjik äre berme (Atalar sözi). 4. Dynç sözünden soň almak kömekçi işligi gelip, düzümli işlik ýasalýar: Dynç almak dynç oturyp, güýjüňi dikeltmek; işden boş wagtyňy bir ýerlerde geçirmek. Biziň daýhanlarymyz dynjy harman-hoşadan soň alýandyrlar (B. Kerbabaýew).