doýmak
Explanatory Turkmen Dictionary (Kyýasowa, 2016)
doýmak
[doýmok], işl. 1. Ýeterlik naharlanmak, nahardan bolýançaň iýmek; ýeterlik iýmitlenip bilmek. 2. göç.m., gepl.d. Bikanun ýol bilen pul gazanyp, baý bolmak, köp zat edinmek, baýlaşmak. Olam bir doýanlaň biridir, biz ýaly paşmagyny süýräp ýörenler gözüne ilmez. 3. göç.m. Mähriň ganmak, lezzet almak, kanagatlanmak. Bakyban mähriňden doýsam, bagy- bossan istemen (Magtymguly). 4. göç.m. Bizar bolmak, irmek, halys ýadamak. Lebap boýy buýandyr, Dilegimi duýandyr, Meniň ýarym gelmedi, Belki menden doýandyr? (N. Pomma).
‣Doýup galmak bikanun ýol bilen örän baý bolmak. Ol bir pully edara başlyk bolup, doýup galypdyr diýýärler.