doly
Explanatory Turkmen Dictionary (Kyýasowa, 2016)
doly
at. Kiçeňräk göjek görnüşli buz bolup ýere ýagýan ýagyn. Ekinleri doly zaýalapdyr.
‣Doly ýaly ýagmak yzy üzülmän atylmak (ok we ş.m.). Olaryň üstüne gülle doly ýaly ýagdy (A. Nazarow).
DOLY [do:ly] I, syp. 1. Erňegine çenli salnan, doldurylan, püre-pür edilen. Onuň gollary gaty güýçlüdi, doly çuwal onuň gollaryna samanly çuwaldan agyr däl (A. Durdyýew). 2. Kabul edilen möçberine laýyk gelýän, ondan kem bolmadyk. 3. Hyryn-dykyn, urlup dykylan ýaly. Mekdebiň howlusy al-ýaşyl geýnen gyzlardan doly (“Edebiýat we sungat”). 4. Hiç zat bilen çäklendirilmeýän, çäklendirilmedik. Size doly hukuk bermäge men çalşaryn (B. Kerbabaýew). 5. Başdan- aýak, bütinleý, büs-bütin. Onuň gapagyny doly açaýsa, içindäki zatlar uçup gidäýjek ýalydy (B. Pürliýew). Ahunyň gelmegi oňa kinesini doly dökmäge maý bermedi... (G. Kulyýew). 6. Gutarnykly, ýeterlik. Bu kitapda türkmen edebiýaty barada doly maglumatlar bar. 7. Semiz, dolmaç, etine-ganyna gelen. Goňras gür saçlaryndan iki-ýeke ak giren, peşeneli, doly aýal olary, hakykatdan-da, hoşamaý garşylady (B. Kerbabaýew). 8. Bir zada ýeterlik duýgusy bolan. Muhabbet şöhlesinden doly onlarça gözler birek-biregi gutlaýardy, alkyşlaýardy (G. Kulyýew). 9. Agzyna ok sürlen (tüpeň hakynda). Goşanyň iki gözi hem doludy. 10. Akyly ýerinde, akyly kem däl. Ol özüne gerek bolsa, etjegini bilýär, ol däli däl, doly.
DOLY [do:ly] II, at. Degirmen daşynyň üstündäki üweljek däne guýulýan guýguç şekilli gap. Her gelende-de: "Bir zat bolaýsa gygyryň" diýip, dola boýnuny uzadýar (R. Gelenow).
‣Dolusyny egismek baýlygyny kemeltmek, azaltmak, mülküňi egismek.
DOLY [do:ly] III, at. Guýudan suw çekýän erkegiň, düýäniň gidip-gelýän aralygy. Guýynyň başynda uzynly gün dola ýörän erkekler-de indi otlaşyp ýörler (K. Berdiýew).