dogry
Explanatory Turkmen Dictionary (Kyýasowa, 2016)
dogry
[doğry], syp. 1. Göni, egri däl, gyşyk bolmadyk. Ýaý çekende dogry garap atmasaň, Ol okuň nyşanaň ýanyna degmez (Magtymguly). 2. Ýalňyş däl, hakykata laýyk gelýän, çyn. Mert ogludyr, ile ýazar desterhan, Dogry söz üstünde berer şirin jan (Magtymguly). 3. Dogruçyl, hakykatçy. Egri azar, dogry ozar (Nakyl). 4. "Hakykatda, aslynda" diýen ýaly manyda gelýän giriş sözi. Dogry, bize-de şu wagt suw onçakly ýetenok (B. Kerbabaýew).
‣ Dogry gelmek gabat gelmek, laýyk gelmek. Ýöne welin bu günki edilýän işler ne taňrynyň emrine dogry gelýär, ne kanun-şerigata sygýar (G. Kulyýew). Dogry ýol durmuşyň çyn, hakyky, kanuny, adalatly ýoly. Biz azaşsak, bizi dogry ýola gönükdiren-de tapylar (B. Kerbabaýew). Dogry tapmak hakyky diýip bilmek, çyn, adalatly hasaplamak. Onuň pikirini dogry tapdyk. Dogryňdan gelmek hakykaty aýtmak, çynyňy aýtmak, dogry sözlemek, ýalan sözlemezlik. – Dogryňdan gel, agsak (B. Seýtäkow).