dodak
Explanatory Turkmen Dictionary (Kyýasowa, 2016)
dodak
[do:dok], at. Agzyň aşaky hem ýokarky gyrasyny emele getirýän, dişleriň üstüni ýapyp duran agza, leb. Ak ýüze dodak degende, yzy hallanar- hallanar (Baýram şahyr).
‣ Dodak gitdi bazara çagajyk kemiş-kemiş edip aglajak bolanda aýdylýan durnukly söz düzümi. Dodak sesleri dodaklaryň gatnaşmagy bilen emele gelýän sesler. Meselem: o, ö, u, ü, p, b we ş.m. dodak sesleridir. Dodak sazlaşygy dodak sesleriniň özlerinden soň gelýän çekimlileri özi bilen sazlaşdyrmagy.