desse
Explanatory Turkmen Dictionary (Kyýasowa, 2016)
desse
at. 1. Daşyndan boglan, daňlan bogy (ot, bugdaý, sogan we ş.m. hakda). Ol atynyň syrtyna bir desse ýorunja bökderdi (“Edebiýat we sungat”). 2. Bir bogy gül. Depä çykasym gelýär, Desse bogasym gelýär (Läle). 3. Bir daňy, bir top; bir topar, köp. Ol goltugyndan bir desse elýazmany çykardy (“Edebiýat we sungat”). 4. Tutar, sap, tutawaç. Egni gara ýapynjaly, aňyrsynda äpet daşyň, Eli hanjar dessesinde, seredip dur çytyp gaşyn (M. Seýidow). 5. Gämini belli bir tarapa ugrukdyrmak üçin onuň guýruk tarapyndaky süýbendiň içinden geçýän sap, el tutary, gäminiň ruly. Dessäni aýlap duran daýaw çal saçly kapitanyň ýygyrt atan ýüzünde ýara yzy görünýär (“Edebiýat we sungat”). Şeýle diýýär maňa durmuş kyssasy: Ömür gämiň öz eliňde dessesi (M. Seýidow). 6. Gyza dakylýan at.