depe
Explanatory Turkmen Dictionary (Kyýasowa, 2016)
depe
at. 1. Tebigy ýa-da emeli ýol bilen dörän ullakan gum üýşmegi. Daglar ýeriň myhydyr, Depe özün dag saýar (Magtymguly). 2. Bir zadyň çür başy, ýokary başy, ýokarky nokady. Belent gerşiň depesine çykyp, uzak durmaly boldy (B. Seýtäkow). 3. Bir zadyň ýokarky, üstki bölegi, ýokarsy, üsti. Tahýanyň depesidir etegini birikdirýän egin keşdesine öwran- öwran dikanlap seretdi (“Edebiýat we sungat”). 4. Kelle, baş. Telpegini diwanyň üstüne taşlan başlygyň diňe depesindäki maýda keşdeli kiçijik börügi gutyň gapagy ýaly görünýärdi (B. Kerbabaýew).
‣ Depe saçyň düýrükmek (üýşmek) duýdansyz ýagdaýda gorkmakdan, ýiti täsirden üstüňden sowuk suw guýlan ýaly bolmak. Täzeligiň hemme ýerde öňe sürülýändigi ýadyna düşende welin, depe saçy düýrügip gidýärdi (G. Seýitmädow). Muňa Annagulynyň depe saçy üýşüp, der basyp gitdi (A. Durdyýew). Depesi (asmana) göge ýetmek bir zada şatlanyp, örän hoşal bolmak, göwni ýetmek. Agaýunusyň sözüne Kösäniň depesi göge ýetdi (“Görogly”). Otdan abat çykyp geldi sag-aman, Depäm göge ýetdi, meniň şo zaman (A. Kekilow). Depesinden basmak agramyny atyp, ruhy taýdan güýçden gaçyrmak, ynjalykdan aýyrmak. Ýaman habar adamyň depesinden basyp, demligini daraldýan agyr labyr bolsa, ýagşy habar ajaýyp bir zat bolup, oňa ganat bagladýar-da, çökgün göwnüňi al asmana göterýär (B. Kerbabaýew). Depesinden gum sowurmak eline pilini alyp, arman-ýadaman zähmet çekmek. Ol çagalaryny hor-zar etmejek bolup, ömür boýy depesinden gum sowrup, daýhançylyk edipdi. Depesinden sowuk (gyzgyn, gaýnag) suw guýlan ýaly bolmak duýdansyz bolan zada allaniçiksi bolmak, örän geň galmak. Depesinde taýak oýnatmak berk saklamak, gazaply we zabun tutmak. Depesine turşy çykan ýaly aňk bolan ýaly, saňsar bolan ýaly. Depäňe (başyňa) täç etmek örän oňat sylamak, hormat goýmak, sarpa goýmak. Gadyrdan dostuňdan ýüzüň öwürme, Barsaň, depesine täç eder seni (Magtymguly). Depäňe (başyňa) çykmak erbetligi artmak, äsgermän, sylaman hereket etmek. Özüne-de kän ýüz beriberme, derrew depäňe çykyp başlar (B. Seýtäkow). Depäňi gaýnatmak zähmet çekmek, arman- ýadaman işlemek. Tomus depesi gaýnamadygyň, gyş gazany gaýnamaz (Nakyl).
Last searches:
- Küçümsemek,
- pragmatik,
- çıçkı,
- roz,
- tökün,
- gereklik,
- dinamo,
- trajectory,
- Kıt,
- yuvatmak,
- pırtlaşdırmaq,
- ufaq,
- ilegen,
- Hərzə,
- tamtık,
- rationalism,
- urnabermek,
- süprüntü,
- imkanlı,
- saýlanmak,
- mayıflıq,
- depe