bije
Explanatory Turkmen Dictionary (Kyýasowa, 2016)
bije
[bi:je], at. Gezegi, paýy, tertibi we ş.m. kesgitlemek üçin çekilýän belgili çöp ýa-da ýazgyly kagyz. Nowruz geldi bu gije, Gyzlar atarlar bije (Monjugatdydan). Meniň bijäme gaty gowy ýer düşdi (A. Gowşudow).
‣ Bijesi çykmak bir ýagdaýda döwüň rüstem gelmek, utmak. Kimiň bijesi çyksa, baýragy horaz jüýje (Monjugatdydan). Bijesi galmak döwüň pes gelmek, işiň şowsuz bolmak, utdurmak, utulmak. Aşyryň bijesi galdy – diýip, gumalagy eliniň tersi bilen zyňyp goýberdi (B. Kerbabaýew).