baky
Explanatory Turkmen Dictionary (Kyýasowa, 2016)
baky
[ba:ky], syp. 1. Hemişe, mydama, müdimi. Biziň özümiz üçin edýän zatlarymyz özümiz bilenem ölüp gider, biziň il-gün üçin edýän zatlarymyz welin baky ýaşar (“Watan”). 2. Oglana dakylýan at.
‣ Baky öý gabyr. Baky uka gitmek amanadyny tabşyrmak, ölmek, ýogalmak. Baky ýurda gitmek ser. Baky uka gitmek. Baky ýurda gidenler ondan gaýdyp gelen ýok (Mätäji).
BAKY at. Mallary iýmitlendirmek, gurply ýagdaýda saklamak üçin edilýän ideg. Mydama diýen ýaly atyny bakyda saklaýardy.
‣ Baka goýmak maly semretmek üçin ýörite idetmek, baga bakmak.