bagyr
Explanatory Turkmen Dictionary (Kyýasowa, 2016)
bagyr
[bağyr], at.1. Adamlarda, haýwanlarda sag gapyrganyň aşagynda ýerleşýän içki beden agzasy, jiger. 2. göç.m. Döş, gursak. Bagry bilen süýşüp ugrady.
‣ Bagra hanjar urlana dönmek agyr täsir etmek, gaty gynanmak, ynjalykdan aýrylmak. Uzak gije meniň gözüme çöp germelene, bagryma hanjar urlana döndi (B. Kerbabaýew). Bagry başly hasratly, dertli, ýaraly, ýangynly. Şol aždarhaň derdinden Bagrymyz başly boldy (M. Seýidow). Bagry dagly hasrat çeken, aýralyk, ölüm awusyny gören. Bagry daşly ser.Bagry başly. Bagry gan jebir çeken, zulum gören. Bagry girýan bolmak bagryň ýanmak, bagryň köýmek, bagryň daglanmak. Bagryny dilmek gynandyrmak, ýiti täsir etmek. Bagryny eretmek mähri bolmak, rehimi gelmek. Anna Sona seretse, Sonaň bagryn eredýär (A. Alamyşow). Bagryny ýakmak örän gaty gynandyrmak, janyny ýakmak. Bagryňa basmak mähirli gujaklamak, döşüňe basmak, gujagyňa gysmak. Gutlaýaryn, gyzym! — diýip, meni bagryna basdy (B. Pürliýew). Bagryňa gan öýmek sütem, horluk, ezýet çekmek, zulum görmek, jebir çekmek. Bagryň badaşmak biri-birine örän ysnyşykly bolmak, bagly bolmak, bile biten ýaly bolmak. Seniň bilen edil bagry badaşan ýalydyr (A. Gurbanow). Bagryňdan önmek özüňden önmek, dogulmak (çaga hakynda). Bagryň ezilmek örän gynanmak, rehimiň gelmek. Bagryň gijemek bir zady edesiň gelmek, bir işi etmegi küýsäp durmak, döwtalap bolmak. How, ýagşy ýigit, seniň ýaly bir pälwan ýigit görsem, meniň bagrym gijäberýär. Sen bir atdan düşsene, ikimiz bir göreş tutup göreli (“Görogly”). Bagryň köýmek (tütemek) gaty gynanmak, ýanyp-bişmek, hasrat çekmek, içiň ýanmak. El çarpanyma bagry tütäp, Süýşdi bärik golaý-golaý (K. Gurbannepesow). Bagryň para (para-para) bolmak ejir çekmek, sütem görmek, horluga sezewar bolmak. Men neýläýin bagrym para bolupdyr, Aýralygyň derdi ýara salypdyr (G. Burunow). Bagryňy germek birini eý görmek, üstünde bagryňy paralamak. Bagryňy kebap etmek juda köp azap görmek, ýanyp- bişmek; jepa çekmek. Aşyk bolmaz, köp hunaba ýuwtmasa, Magşuk bolmaz, bagryn kebap etmese (G. Burunow). Bagryňy paralamak 1) gynançly ýagdaýda salmak, hasrat çekdirmek, ruhy taýdan ejizletmek. Bagryňy paralap hüwdiniň sesi, Bütin pikirleri pytradyp gidýär (A. Atajanow). 2) özelenip ýalbarmak, aýtmak, diýmek. Bagryňy ýakmak örän ynjalyksyzlanmak, jepa çekmek, janyňy ýakmak. Bagryňy ýere bermek halyň agyrlaşmak, agyr syrkawlykdan ýanyňy ýere bermek. Bagryň ýanmak bir zat ýa-da biri üçin gaty gynanmak. Onuň-da meniň bagrym ýaly bagry ýanyp, gözleri garalyp galypdyr (A. Durdyýew). Bagyr awusy perzent ölümi; perzent ölümi zerarly çekilýän hasrat, gam.