bagjyk
Explanatory Turkmen Dictionary (Kyýasowa, 2016)
bagjyk
[ba:ğjyk], at. Çäkýaka ýa-da aýal köýnekleriniň, don, çäkmen ýaly daşky eşikleriň ýakasyny baglamak üçin inçeräk işilip, örülip ýaka berkidilýän bag, sapak.
‣ Bagjyk çatdyrmak öýlenen ýigidiň deň-duşlary tarapyndan bagjygyny ýolup, synamak üçin gelnine ýaňadandan bagjyk tikdirmek däbi. Bagjyk çatmak üme ýerine gelen ýigidiň geýimine bagjyk çatdyrmak däbi. Ýüplük-bagjyk çatylan ýigit gyzlara süýji, kişmiş ýaly zatlary getirip berýär.