turklehceleri.org

aşyk

Explanatory Turkmen Dictionary (Kyýasowa, 2016)

aşyk

at. 1. Dowaryň art aýagynyň injik süňki bilen but süňküni birleşdirýän başam barmagyň başy ýaly ululykdaky süňk. 2. Şol süňk bilen oýnalýan milli oýun. Deň-duşlary bilen aşyk, çilik, top we başga oýunlar oýnar ýaly boldy (“Görogly”). 3. Hyrly tüpeňiň aýagyny gundaga birleşdirýän, aýagy herekete getirýän ýumruja agaç.
 ‣ Aşygy alçy gopmak (oturmak) döwi sürmek, bagty getirmek, edeni ugruna bolmak, güni gelmek. Altyn aşygym, alçy gop! (Halk döredijiliginden). Aşyr han, adama dost hem, garyndaş hem onuň aşygy alçy oturan wagtynda tapylýardy (B. Kerbabaýew).


AŞYK [a:şyk] I, at. 1. Yşka düşen, söýýän, biriniň ugrunda perwana bolan, birine göwni giden, söýgüli. Hak aşyklar näzli ýaryň jemalyn, Bir görsem diýp, gije- gündiz zar eýlär (Magtymguly). 2. göç.m. Bir zadyň çyndan hyrydary, höwesegi. Men adyňa aşyk gözel Aşgabat! (Aýdym).


AŞYK [a:şyk] II, at, kön.s. Aýdymyň sözlerini, sazyny özi düzüp, özi ýerine ýetirýän ussat, ozan.


Last searches: