turklehceleri.org

aýtmak

Explanatory Turkmen Dictionary (Kyýasowa, 2016)

aýtmak

işl. 1. Bir zat hakynda söz arkaly habar bermek, mälim etmek, diýmek, duýdurmak. Bilmeýen soranlara aýdyň bu garyp adymyz: Asly – gerkez, ýurdy – Etrek, ady Magtymguludyr (Magtymguly). 2. Gürrüň bermek, söhbet açmak, gürlemek. Niçe aýtsam eşitgüji dana kany? (Hoja Ahmet Ýasawy). 3. Hal işligiň şekilindäki aýtmak işliginiň yzyndan bermek, bilmek ýaly kömekçi işlikleriň biri gelende, täze manyly düzümli işlikler ýasalýar: Aýdyp bermek sözleýän adamyň özi gürrüň etmek, söhbet etmek. Aýdyp bilmek (bilmezlik) aýtmagy başarmak, aýtmagyň hötdesinden gelmek.
 ‣ Aýdanyň gelsin diýeniň bolsun, dilegiň kabul bolsun, arzuwyň amala aşsyn (ýagşy niýetli arzuwa gaýtargy). Ogul ýaşy uzyn bolsun! – Aýdanyň gelsin! Aýdary ýok, diýeri ýok gepl.d. ýagdaýyny aýtmaga adam ýok (söz düzüminiň işlikden bolanlary degişlilik goşulmalaryny kabul edýär: aýdarym, diýerim; aýdaryň, diýeriň; aýdary, diýeri). Aýdary ýok, diýeri ýok, alaçsyz ýolda galyp, şol içini tutup otyr. Aýdyp geç (geçsin) adatça, düýp derejedäki geçmek işligi hal işlik goşulmasy goşulan aýtmak işliginiň yzyndan gelip, biriniň eden ýa-da heniz etmedik hereketini oňlamadyk adam tarapyndan aýdylýar. Pagtany az ýygandygymy aýdyp geçsin-le.


Last searches: