turklehceleri.org

aýratyn

Explanatory Turkmen Dictionary (Kyýasowa, 2016)

aýratyn

[aýraty:n], syp. 1. Haýsydyr bir zatdan tapawutly, üýtgeşik, beýlekilere garanda parhly. Göräýmäge onuň beýleki galalardan şeýle bir aýratyn üýtgeşikligi ýokdy (G. Kulyýew). 2. Özboluşly, başgaça. Meniň aýtjak bolýanym, belki, onuň seniň bilen aýratyn gürrüňi bardyr (B. Kerbabaýew). 2. Örän üýtgeşik, adaty däl. 3. Özbaşyna, aýry. Şahyryň eserleri aýratyn ýygyndy bolup çykdy. 4. "Has, gaty, juda, öte" manysynda ulanylýan söz. Dursun eje aýratyn horlandy (T. Gurbanow).


Last searches: