aýlamak
Explanatory Turkmen Dictionary (Kyýasowa, 2016)
aýlamak
işl. 1. Bir zady towlamak, pyrlamak. Ol sagadyň dilini öňe aýlady. 2. Daşyndan öwürmek, dolamak, oramak, saramak. Perim, seniň syýa zülpüň, Aýla boýnuma bent olsun (“Görogly”). 3. Bir ýere eltip, görkezip çykmak; ýanyň bilen alyp gidip gezdirmek, haýsydyr bir ýere, köp ýerlere eltmek. Hawa, hawa, öz- ä maşyna mündürip aýlan bolara çemeli (B. Pürliýew). Muzeýe aýlamak. Şähere aýlamak. 4. Bulaýlamak. Ol atyna gamçyny aýlap saldy. 5. Tersine öwürmek, terse bakmak. Ol ýüzüni beýläk aýlady (B.Kerbabaýew). 6. Ýeriň, jaýyň daşyna gorag, padar bolsun diýip, haýat we ş.m. gurmak, salmak. Mellegiň daşyna haýat aýlamak. 7. göç.m. Oýlamak, ölçermek, pikir etmek. Ol köp zatlary hyýalynda aýlap çykdy.