atym
Explanatory Turkmen Dictionary (Kyýasowa, 2016)
atym
at. 1. Çaýyň we ş.m. bir gezek atmaga gerekli mukdary, ölçegi. Bir atym çaý. 2. Ok atylanda ýa-da bir zat zyňylanda ýeter ýaly aralyk, ýeter mümkinçiligi bolan aradaşlyk. Oturan ýerimizden taýak atym aňyrrakda ýaryny gum basyp duran gubur ýoldaşymyň ünsüni özüne çekdi (O. Gadamow). 3. Atmaga taýyn bolan däne garyşykly döwlen harman. 4. göç.m. Çeme, maý, amat. Ony bir atymyna salyp bolmazmyka?