turklehceleri.org

alyşmak

Explanatory Turkmen Dictionary (Kyýasowa, 2016)

alyşmak

işl. 1. Almaga kömekleşmek. Men oňa bazardan gawun-garpyz alyşdym. 2. Birnäçe bolup bilelikde almak. Olar bazardan gerek-ýarak zatlaryny alşyp ýördüler. 2. gepl.d. Çalyşmak, deregine zat berip, zat almak. Olar köwüşlerini alyşdylar. 3. sazç. Goşulyşyp, sazlaşyp gitmek. Dutar bilen gargy tüýdük alşyp gitdi. 5. Alyşmak işliginiň öňünden pikir sözi gelip, täze manyly düzümli işlik ýasalýar: Pikir alyşmak bir zat hakynda özara maslahatlaşmak.
 ‣ Gep alyşmak biri-biriň bilen gürleşmek, gepleşmek. Ýüzün sowup, gep alyşmaz çyn ärler, Bir söý bilen ýagşy dosty çep bolsa (Magtymguly). Gep alşar ýaly däl goh-galmagal zerarly biri-biriň aýdýan sözüni eşider ýaly däl. Adamlar, ýuwaşrak boluň! Asyl gep alşar ýaly däl.


Last searches: