aklyk
Explanatory Turkmen Dictionary (Kyýasowa, 2016)
aklyk
[a:klyk] I, 1. at. Ak reňkli bolmaklyk. Jaýlaryň aklygy gözüňi gamaşdyrýar. 2. Päklik, arassalyk; günäsizlik. 3. göç.m. Oňatlyk, gowulyk, ýagşylyk. Menden aklyk tamasyny etme.
‣ Aklyk haty nähak tutulan adamyň aklanandygy hakynda habardar ediş haty. Aklyk hatym gelse gerek (Kerim Garaja).
AKLYK [a:klyk] II, at. Eden hyzmaty üçin molla, tebibe berilýän hak.
‣ Aklygyňy almak sag bolsuna, minnetdarlyga derek käýinç, igenç, teýeneli söz eşitmek, ýagşylygyňa ýamanlyk edilmek; almytyňy almak, ýüzüňi aldyrmak. Kyrk ýyl çopançylyk edip, sizden alan aklygym şu boldumy? (A. Gowşudow). El aklygy çeken zähmeti üçin (tebibiň, lukmanyň, mollanyň we başg.) eline berilýän aklyk, hak, sowgat.