agyr
Explanatory Turkmen Dictionary (Kyýasowa, 2016)
agyr
[ağyr], syp. 1. Agramy köp. Bir çuwal bugdaýyň agramy garaşylanyndan agyr çykdy. 2. göç.m. Kyn, kynçylykly, azaply, zähmetli, jepaly. Agyr durmuş. Agyr iş. 3. Akyl ýetirmesi çetin, kyn, çylşyrymly. Gojanyň berýän maslahaty çaga düşünerden, oňa jogap bererden has agyrdy (B. Kerbabaýew). 4. Etlek, semiz, doly; daýaw. Agyr göwre. 5. Petiş, dymyljyk, sergin däl; basmarlaýjy, darykdyryjy. Näsagyň göwnüne otagyň howasy agyrdy. 6. Jan üçin howply. Çaganyň ýagdaýy hakykatdan-da agyrdy (B. Kerbabaýew). 7. Berk, oýanmasy kyn. Ýaz geler, wagt-da gider, gaflatda galmyş gözlerim, Açaýyn diýsem açylmaz, ne agyr uýkulydyr (Magtymguly). 8. Köp altyn-kümüş siňdirilen, gymmatbaha. Onuň ýaly agyr şaýlar ýasatmak baýlygyň nyşanydy. 9. Uzaga çeken, bejermesi kyn. Agyr kesel. 10. Aldym-berdimli, güýçli, dartgynly barýan. Agyr söweşleri başdan geçiren esger gürrüň berýärdi. 11. San taýdan köp. Agyr goşun. Agyr ýygyn toplandy (“Görogly”). Agyr bezirgenli, tüçjar eýeler (Magtymguly). 12. göç.m. Ardyryjy, ýadadyjy, iriziji, uzak. Onuň agyr ýoldan soň irkilesi gelýärdi. 13. Ini-boýy äpet, uly. Bu jaýlaryň içine agyr haly-palaslar düşelgi (“Görogly”). 14. Galyň (gar hakynda). Ýere agyr gar düşdi. 15. göç.m. Pajygaly, ölüm-ýitim bilen baglanyşykly, ajy, çydamsyz. Agyr habar.
‣ Agyr degmek 1) göwne degiji täsir etmek, ýokuş degmek. 2) ölüm-ýitim dagyny çekmek. Agyr dem almak demi iki egniňden almak, kynlyk bilen sojap dem almak. Agyr düşmek ser. Agyr degmek. Agyr nahar siňmesi kyn, aşgazana, içegä agram salýan nahar. Agyr söz gödek söz, paýyş, göwne degiji söz, ajy söz. Agyr ýüki bagjygy maly-emlägi, hiç ilteşigi ýok, syrma sallah, öýi arkasynda, çemçesi bilinde, hiç aladasy ýok. Agyr ýüz rehim-şepagatsyz ýüz, yzgytsyz, hyrsyz keşp, domma, gaharly ýüz. Agyr ýüzli ser. Agyr ýüz.