turklehceleri.org

agsak

Explanatory Turkmen Dictionary (Kyýasowa, 2016)

agsak

[ağsak], syp. 1. Bir aýagy gysga ýa-da şikesli bolansoň, agsap ýöreýän. Süri agsagyny gizlär (Nakyl). 2. Agsap ýöreýän adam. Agsagyň elinden alsaň agajyn, Ýaman derde düşer, tapmaz alajyn (Magtymguly).
 ‣ Agsak durna kiçi ýaşly çagalar tarapyndan oýnalýan çalt hereketli milli oýun. Agsak durna iki topara bölünip oýnalýar, oýunçylaryň sany islendikçe bolup biler. Agsak towuk 1) kiçi ýaşly oglanjyklar we gyzjagazlar tarapyndan oýnalýan milli oýun. 2) agsak towuk oýnunda bir aýagynyň üstünde bökjekläp oýnaýan oýunçy. Oýun wagtynda agsak towuk iki aýagyny hem ýere degirse, ol oýundan çykarylýar (A. Jykyýew).


Last searches: