abraý
Explanatory Turkmen Dictionary (Kyýasowa, 2016)
abraý
[a:vyraý], at. Halal zähmet, belent adamkärçilik, ata-babaň ýagşy adyna çirk getirmän, abraýyny saklap gazanylan hormat-sylag, şan-şöhrat. Yslam, dogrusy, paýhasly ýigitdi, oňadam okaýardy, ýoldaşlarynyň ýanynda abraýam ýok däldi (T. Gur- banow).
‣ Abraýdan düşmek ser. Abraýy gaçmak. Onuň abraýdan düşüp, masgara bolasy gelenok. Abraýa eýe bolmak oňat ada eýe bolmak, hormat-sylagy gazanmak, gadyrly, arzyly bolmak. Abraý tapmajagyny bilmän telbemi ol? (“Görogly”). Abraýy gaçmak sylag-hormatdan mahrum bolmak, ynamdan gaçmak, iliň gözünden düşmek. Abraýyny dökmek ser. Abraýyny gaçyrmak biriniň hormatyny gaçyrmak, sarpasyna şek ýetirmek.