turklehceleri.org

Gara

Explanatory Turkmen Dictionary (Kyýasowa, 2016)

gara

syp., at. 1. Kömrüň reňkindäki, gurum reňkli. Gazana ýanaşsaň, garasy ýokar (Nakyl). 2.Adamyň ýa-da bir zadyň uzakdan, garaňkylykda aýdyň görünmeýän, saýgaryp bolmaýan sudury, salgymy, şekili. Ýagşy derde düşer, aglar ýamana, Namart gara görse, geler amana (Magtymguly). Tamlaryň garasy görnüp başlady. 3. Bir zadyň daş görnüşi,gabara. 4. Köwşe çalynýan gara reňkli krem (ser. Gara 1.). Köwşe gara çalmak. 5. Bir zat degip galdyran hapa yzy. Çagajyk eliniň garasyny ýuwup aýyrdy. 6. göç.m. Erbetlik, günä, aýyp, etmiş. Gara ýöňkemek. Gara sürtmek. 7. Oýnalýan kartyň bir güli, garahal. 8. Oglana dakylýan at.
 ‣Gara altyn nebit. Gara bagryňy gan etmek 1) gan ýuwutmak, hupbat baryny görmek, ezýet çekmek. 2) gaty gynanmak, gamlanmak. Gara bagyr 1) çagany ösdürip ýetişdiren ene. Itekläp olary aňyrdan-bärden, Näçe ejir çekdiň sen, gara bagyr (M. Seýidow). 2) gaty içgin, jany bilen, yhlasly. Ol gara bagyr düşündirjek bolýar. Gara basmak bijaý ýatylmagy sebäpli, gan aýlanyşynyň bökdelmegi netijesinde düýşürgäp, özüňe erkiň ýetmez ýaly bolmak, basyrganyp hopukmak. Gara başyňy gala tutmak başyňy belent tutmak, ruhuňy belent tutmak. Gara bermezlik (salmazlyk) biriniň öýüne barmazlyk ýa-da gelmezlik, görünmezlik. Ejesi: “Oglum bir aý bäri gara berenok” diýip, alada edip ugrady. Gara bokurdak ýaşaýyş üçin gerek bolan iýmitler, eklenç, gün-güzeran. Uzugy aman-sag abraý bilen ýerleşdirsek, başga-ha bir gara bokurdak bolaýmasa, üstümizden gara bulut sowlan ýaly boljak – diýerdi (H. Derýaýew). Gara çaýyr ekine zyýanly, köplenç suwly ýerde bogun-bogun bolup ýaýrap ösýän, her bognundan kök çykarýan çaýryň bir görnüşi. Gara çorba gowurmadan ýa-da ak ýagdan jazlanyp, içine atylan sogan gowrulandan soň, üstüne suw guýlup, soňundan hem islegiňe görä ýeralma we ş.m. salnyp taýýarlanylýan çorbanyň bir görnüşi. Gara çowlam gyzgyn epgege, aňzak sowuga gara-ört bolan, ýüzi çowlanan. Ýüzleri garaçowlam bolan daýhanlar. Gara çyny bilen tüýs ýürekden, elinde baryny edip, janyň- teniň bilen, çynyňy edip. Şeýle diýdi-de, ol gara çyny bilen gazetiň ýüzüne bir zatlar çyrşaşdyrdy (“Edebiýat we sungat”). Gara daňdan ir ertir, daň atyp-atmanka. Gara der bolmak köp işlemek ýa-da näsaglyk zerarly gaty derlemek. Dynç alman işläp, gara der boldy. Garadan gaýtmaz 1) edermen, batyr; 2) soňuny saýmaz, özüne geljek gepden çekinmeýän. Gara donly günäli, ýazykly. Iki arada men gara donly bolup galdym. Gara gadyr örän gadyrly. Gara galdyrmak 1) dagda-düzde daşdan gelýän adama özüňiň nirededigiňi bildirmek üçin, telpegi taýagyň ujuna geýdirip, ýokary galdyrmak. Gara galdyrmadyk bolsaň, tapmazdym. 2) deňizde gäminiň heläkçilige uçran mahaly başgalary kömege çagyrmak. Gara gan 1) tutuş gan. Pyçaga kesdiren eli gara gan boldy. 2) kyn, gara görgi. Bu bir gum ýeri, bir ýere gitjegem bolsaň, ulag tapmak gara gan. Gara gatyk (gepl. d.) gatygy az goşulan, gatygy ýok diýen ýaly (unaş, belke hakynda). Gara gatyk belke. Gara gaýgy bar gaýgysy, bar aladasy. Meniň gara gaýgym şu gün şähere gitmekdi. Gara gijä galmak bir ýerde gaty köp eglenmek. Gara golak etmek (goýmak) biriniň bir işi etmek üçin gerekli bolan zadyndan, guralyndan dyndarmak. Ata Merediň pilini alyp, gara golak goýdy. Gara görgi gaty kyn, gorgüsi köp.Pyýada gaýtjak bolsaň, gara görgüdir, haçan oba bararyn? Gara görnüm garasyny görüp bolýan aralyk, bir şekili göz bilen görüp bolýan aralyk, gözýetim. Kän ýöräp, bir çölüstanlyga ýetenlerinde, hol garagörnüm ýerden gözüne bir kejebe göründi (“Görogly”). Gara görnüm ýer ser. Gara görnüm. Gara görnüm ýerde adam-gara görmedim. Gara gün 1) gündelik durmuş, güzeran, eklenç. Ak puly saklarlar gara gün üçin (Magtymguly). 2) ýaşaýşyň tebigy ýa-da başga sebäplere görä kynçylykly geçýän döwri, agyr gün, agyr durmuş. Ýusup gören gara günler, Öz başyna geler boldy (Talyby). Gara güýç 1) adamyň bar güýji, kuwwaty, gujury. 2) adam üçin howply bolan tebigy ýa-da başga betbagtçylyk, bela, howp. Gara gyş gyşyň aňzakly sowuk wagty. Men ony goradym ýaman gözlerden, Jalaý ýigitleriň her garaýşyndan, Sowuk gybatlardan, sowuk sözlerden, Tükenmez ýyllaryň gara gyşyndan (G.Ezizow). Gara gyýçak garadan gelen süýri ýüzli. Öýde garagyýçak, sary diş aýal galdy (N. Pomma). Gara habar biri hakda erbet habar eltýän adam. Gara iş gol zähmeti bilen edilýän iş, akyl zähmetini talap etmeýän iş, güýç talap edýän iş. Gara işçi gol zähmeti bilen meşgul adam. Ol demir ýolda gara işçi bolup işleýär. Gara janyň galmazlyk çendenaşa gaty gorkmak. Sen wagtynda öýe gelmäňsoň, gaty gorkdum, gara janym galmady. Gara kelle (gepl. d.) aýal maşgala. Seniň ýanyňa bir gara kelläni getiräýmeli ekeni. Gara keýik ýabany doňuz, ýekegapan. Garakeýik keýik bolmaz, Meger girse çöle, kazym (Kemine). Gara köke ser. Sök. Gara köpük (pul) şaýy; mis pul. Öz ýerinde eger şa sen, eger gul, Kese ýerde gymmatyň bir gara pul (Seýdi). Gara köýük ser. Garaýanyk. Gara köýük bolmak 1) ser. Gara-ört: gara-ört bolmak. 2) ýanyp garalmak. Aşagy otly saja atylan dogramçalar ugry indelmän, gara köýük bolaýan eken. Gara mal iri şahly mal. Gara nebis erbet nebis, haram nebis. Gara öý eşikleri tüssä garalan öý (ser. Öý). Gara öýüň ortasyndaky ojakda alawlap ýanýan otdan nazaryny sowman oturan ýaşy elli çemesi, süňkbaşy iri, ýüzi nurana kişi egnine ýasgynjak atynan possunynyň ýakalaryny çekişdirip, syýyny ýygnap, has-da tijendi (Gurbanguly Berdimuhamedow, Älem içre at gezer, 9 s.). Gara saçly molla aýal, hatyn. Gara suw bolmak işläp gaty derlemek, derden ýaňa endam-janyň öl- myžžyk bolmak. Işläp-işläp gara suw boldum. Gara suwag birinji gezek diwary tekizlemek üçin geçirilýän galyň suwag. Ussalar diwaryň garasuwagyny edip boldular. Gara ýanyk ser. Garaçowlam. Yssyda ýüzlerimiz garaýanyk boldy. 2. Otda bişip, çenden artyk garalmak, köýmek (iýmit hakynda). Gara ýanyk bolmak ser. Gara-ört: gara-ört bolmak. Gara ýere gitmek (siňmek) ölmek. Berdi Kerbabalar, / Ata Gowşutlar, Gara Seýitliler, / Rehmet Seýitler... Sogrulyp-sogrulyp gujagymyzdan, Gara ýeriň gujagyna gitdiler (K. Gurbannepesow, Oýlanma baýry). Gara ýer ýaly ýuwaş, gep-gürrüň bilen işi ýok. Hawa, bu ýigit gara ýer ýaly, öz işjagazy bilen bolup ýördi (T. Gurbanow). Gara ýol asfalt düşelen ýol. Aşgabat – Daşoguz aralygyna garaýol gurulýar (“Türkmenistan”). Gara zähmet gara güýç bilen edilýän zähmet, gara iş üçin çekilýän zähmet.

Karachay-Balkar—Turkish Dictionary (Nevruz, 1991)

gara

1. narzan, maden suyu kaynağı. ~ suv: maden suyu, Muhu ~ suvla süzülüb ağadı ak tamağından: Muhu’nun maden suları süzülüp akıyor ak damağından (halk türküsü). 2. zuv ~!, duv ~!: (hemen gitmeye, hemen atılmaya hazır anlamına gelen, kelime anlamı olmayan bir ünlem.)


Last searches: