DÖW
Explanatory Turkmen Dictionary (Kyýasowa, 2016)
döw
I, at. Gündogar rowaýatlaryndaky ägirt güýçli jandar, halk ertekilerindäki hyýaly keşp. Bir galanyň içinde üç sany baý döw bar eken (“Türkmen ertekileri”).
‣ Döw çalmak näme boldy (näme bolduka, näme bolupdyr). Dört bolup, bir arabany oňarman, size nä döw çaldy? Döw ýaly uly, daýaw, güýçli. Döw ýaly adam.
DÖW II, at. Bir gezek oýnalyp gutarylýan oýun, bir gezekki oýnalýan oýun. Galan döwler utluşylman goýuldy. Küştçüleriň döwi örän gyzykly we ýiti häsiýetde dowam etdi.
‣Döwi gelmek (sürmek) işi şowly bolmak, şowuna düşmek, rowaçlanmak. Seniň, gardaş, bu gün döwüň gelipdir (T. Taganow). – Aşyr, men saňa aýtdym ahyry: adamyň döwi sürende, onuň aýdan zadynyň hemmesi mamladyr (B. Kerbabaýew). Döwi ökdelik güýji, mümkinçiligi rüstemlik. Döwi peslik güýji asgynlyk, rowaçlygy azlyk.