turklehceleri.org

Doňuz

Explanatory Turkmen Dictionary (Kyýasowa, 2016)

doňuz

at. 1. Ýogyn bedenli, gysga aýakly, goşa toýnakly süýdemdiriji haýwan. Il aglak bolsa, doňuz depä çykar (Nakyl). Doňuz ölse-de, hor-hory ýatmaz (Nakyl). Obanyň bir topar doňzy köne ýabyň içindäki batgalyga gelip togalanypdyr (Ö. Abdyllaýew). 2. göç.m. Ýagşyny-ýamany seljermeýän adam hakynda aýdylýan sögünç söz. – Bar belanyň körügi sendedir, haramzada, enesi sen bolsaň, gyzyňam şeýle bolýandyr, doňuz – diýip, hemme gaharyny aýalyna baka öwürdi (A. Gowşudow).
 ‣ Doňuz diňini salmak gymyldaman, diň salyp durmak, diňşirgemek. Ol böwrüne doňuz diňini salýar, bagşysyna gözlerini agdaryp seredýär (N. Saryhanow). Doňuz giren (dören) ýaly etmek agdar-düňder etmek, ýykan-ýumran etmek. Howlynyň içini doňuz dören ýaly etdiler, hiç zat diýmedim (B. Seýtäkow). Doňzuň agy näme, garasy näme duşmanyň, ýaramaz zadyň biri- birinden tapawudy ýok, hemmesi bir. Doňzy batgada bas! duşmanyňy aljyraňňy wagty güpbassy et, daşyna geç.


Last searches: