diýmek
Türkmenche Izahliq Lughet (Kyýasowa, 2016)
diýmek
I, işl. 1. Birine bir zat aýtmak, bir zat habar bermek. Uruş gutaranyndan soň, köp adamyň "goş birikdireli" diýenlerini ol ýadyna saldy (“Edebiýat we sungat”). 2. göç.m. Hasap etmek, hasaplamak.
‣ Diýesinem diýmek, diýmäsinem diýmek aýtmajak sözüňi aýtmak, hapa, paýyş sözler aýtmak. Olar biri-birine diýesinem diýip, diýmäsinem diýip, yzyndanam äbede-jüýje bolşup otyrlar.
DIÝMEK II, işl. "Eýsem bolsa, şeýlelikde, onda" diýen ýaly netije çykarmagy, jemlemegi aňladýan giriş sözi. Diýmek, onuň pikiri dogry bolup çykypdyr-da!