YZ
Türkmencenin Açıklamalı Sözlüğü (Kyýasowa, 2016)
yz
[y:z], at. 1. Adamyň, haýwanyň, mör- möjekleriň aýagynyň we süýrenijileriň ýerde galdyrýan şekili, sudury. Batgalygyň gyrasynda ýekegapanyň yzy bardy. 2. Bir zadyň täsiri netijesinde galan bellik, nyşan, çapyk. Eşrebiň çep ýaňagyndaky ýaranyň çukur yzy-da häzir çala saýgarylýardy (B. Kerbabaýew). 3. Giňişlikde yzky, arka tarap. Ol yzdan gelýardi. Haýdap gelýän oglanjyk birden yzyna seretdi. 4. göç.m. Bir zatdan galan täsir. Garaşsyzlygyň kalbymda galdyran yzy öçmez. 5. göç.m. Tohum-tiç, nesil. Ogullynyň yzy ýitmez (Atalar sözi). Gyzy baryň özi bar, ogly baryň yzy bar (Nakyl). Ol goşundan dolanyp gelende, yzynyň sag- aman horlanman ýaşandygyny gördi (B. Seýtäkow). 6. Kömekçi sözüň hyzmatynda gelýär. Agyzdan çykan sözüň yzyndan atly ýetip bilmersiň (Nakyl).
‣ Yz çalmak yzyny yzarlamak, yzyny barlamak. Öten kim bar, geçen kim bar, yz çalaly! (“Görogly”). Yz salmak yz galdyrmak, ýöremek. Ekiniň içinden yz salmaweri. Yzyna düşmek 1) biriniň yzyndan ýöremek. 2) birini yzarlamak, aňtamak, ýanamak. Soňky wagtlarda ol onuň yzyna düşüp başlady.3) birini halap, göwün bermek, biriniň göwnüni almaga meýil etmek, birini söýüp, yzynda selpemek. Ol bir gyzyň yzyna düşüp ýördi. Yzyna eýermek birinden görelde almak, alyp barýan ýoluna uýmak. Yzyna it salmak masgara edip kowup goýbermek. Yzynda durmak (durup bilmezlik) hötde gelmek (gelmezlik), gaýratyň çatmak (çatmazlyk), başarmak (başarmazlyk). Yzynda durup bilmejek bolsaň, hiç zady söz berme. Yzyňa ýel çalmanka gitmek eglenmän, basym yzyňa dolanmak, gaýtmak.