gylaw
Explanatory Turkmen Dictionary (Kyýasowa, 2016)
gylaw
[gylow] I, at.1. Bişen gawunyň etiniň ýüzündaki ýukajyk sary gatlak. Gawunyň gylawyny aýyr.2. Daşa çalnyp ýiteldilen pyçagyň, päkiniň ýiti ýüzündäki tozgalap duran owunjak demir bölejikleri; päkiniň, pyçagyň ýiti ýüzi. 3. Ýitije çigrek, iniňi tikenekledýän sowuk. Howanyň gylawy bar.
GYLAW [gylow] II, at. Bir işi, zady ýerine ýetirmek üçin isleg, höwes, meýil, hyjuw.
‣ Gylaw almak birinden ýa-da bir zatdan meçew beriji täsir ýetmek, meçewlendiriji täsir ýetmek. Dogumlyja Maýsajyk öňki sözüniň ýer alanyna has gylaw alyp, ýene gürlemäge başlady (B. Annageldiýew). Seniň kimden gylaw alýanyňy-ha bilemok weli, soňky wagtlarda bolup ýörşüň-a bir hiliräk görünýär. Gylaw bermek götergilemek, meçew bermek, küşgürmek.