süýşürmek
Türkmenche Izahliq Lughet (Kyýasowa, 2016)
süýşürmek
[süýşürmök] I, işl. 1. Bir zady iteläp, gozgap, onuň duran ýerini üýtgetmek. Kemine zürrük telpegini maňlaýyna süýşürýär-de, eşege atlanýar (Keminäniň adyna aýdylýan şorta sözlerden). Maşynyňy eýleräk süýşür. 2. Geçirilýän bir çäräniň bolmaly wagtyny, işiň möhletini we ş.m. yza geçirmek, yza çekmek. Maslahaty bäşe süýşürmesek, adamlaryň hemmesi ýetişjek däl.
SÜÝŞÜRMEK [süýşürmök] II, işl. Tygşytlap goýmak, harçlaman tygşytlamak. Sygyr alar ýaly puljagaz süýşürmek hakynda oýlansaň, has gowy bolardy (B. Kerbabaýew).