turklehceleri.org

şaý

Türkmencenin Açıklamalı Sözlüğü (Kyýasowa, 2016)

şaý

I, at. 1. Dakynmak üçin gymmat bahaly metaldan ýasalan her hili bezeg önümleri. Watan üçin sarp bolsun, Meniň bezegim, şaýym (A. Nyýazow). 2. Bir zat üçin gerekli bolan enjamlar, gurallar; goşlar, zatlar. Soňra künde, boýunturuk, ýerdemir, mala hem- de beýleki şaýlary howlynyň ortasyna çykaryp, birlaý elden geçirdiler (B. Seýtäkow). 3. Maşynyň, mehanizmiň, guralyň gerekli bölegi. Gerek şaýlary tapylsa, ony gurnaşdyrsa-da bolardy (H. Garabaýew).
 ‣ Şaýyňy tutmak bir işi etmek üçin taýýarlanmak, bir zada taýýarlyk görmek; goş- golamyňy jemlemek. – Basymrak şaýyňy tut, men seni alyp gitmäge geldim – diýdim (T. Gurbanow).


ŞAÝ II, at, gepl.d., ser. Şaýy.


Son arananlar: