güli
Türkmencenin Açıklamalı Sözlüğü (Kyýasowa, 2016)
güli
at.1. Ösümligiň gültäji we gül ýaprajyklary görnüşine eýe bolan bölegi. Dünýäň her gülünde men seni görýän. Şonuň üçin bu dünýeden gitme ýok (G. Ezizow). Ýandagyň güli. Gawunyň güli. 2. Şolar ýaly bölege eýe bolan ösümligiň köpeliş agzasy. 3. Bezeg üçin ekilýän gyrymsy agaç we şol ösümligiň dürli reňkdäki ysly hasyly. 4. Dürli ösümlikleriň gülüne meňzedilip mata, ýaglyga, keçäniň ýüzüne salynýan nagyş. 5. Gyza dakylýan at.
‣ Gül açmak arzuwyň hasyl bolmak, maksat- myradyňa ýetmek. Gülden çykmak güllemek möhleti dolup, gülüni dökmek, gülläp bolup, hasyla durup ugramak.Bakja ekinleriniň gülden çykanyna ep-esli wagt boldy. Gül meňzi saralmak (solmak) gaýgy, gamdan horlanmak, saralmak. Niçesiniň gül meňzini soldurdy, Bir aýralyk, bir ýoksullyk, bir ölüm (Garajaoglan). Gül ömrüňi kül etmek biri üçin köp jepa çekmek, köp ýyllap bir zadyň aladasynda bolmak, horlanmak. Gül pürkülen ýaly örän arassa we bezelen, rejeli hem-de owadan. Gül suwy bugdaýa, jöwene berilýän iň soňky suwuň öň ýanyndaky suw, ekin güle duranda berilýän suw. Gülüni çirtmek bir zadyň iň gowusyndan peýdalanmak, iň gowusyny saýlamak. Gül ýaly örän gowy, gaty gowy, ajaýyp.Gül ýüzli owadan, gelşikli, görmegeý ýüzli. Gül ýüzli zenan. Gel, golaýma, öpeýin gül ýüzüňden (I. Nuryýew).
Uygurca – Türkiye Türkçesi Sözlüğü (Kurban, 2016)
güli
f. Kuru üzüm türü.