turklehceleri.org

gazyk

Türkmencenin Açıklamalı Sözlüğü (Kyýasowa, 2016)

gazyk

at. Bir zady baglamak, asmak üçin ýere ýa diwara kakylan çiş, oturdylan agaç ýa-da demir. Gazykda bir dutar çaň basyp duran eken (“Görogly”). Gazygyň daşyna aýlanyp duran atyna assyrynlyk bilen seretdi (N. Saryhanow).
 ‣Gazygynda garrasyn! täze edinilen gelin şol ojakda abraý, saglyk, agzybirlik bilen uzak ýaşasyn, ýassykdaşyndan aýrylmasyn, nika bozulmasyn, adamsyna wepaly bolsun diýlip aýdylýan alkyş. Gazyk bolmak bellenilen ýerde tapylmak, dikilmek, bir ýerde gymyldaman durmak. Nirä gitseň git, ýöne agşamara öýde gäzyk bol. Gazyk etmek 1) taýýar etmek, getirmek, dikmek. 2) (gepl. d.) bir işi kemsiz başarmak, kemini goýman hötde gelmek, ýerine ýetirmek. – Sen bu işi başararmyň? – Gazyk ederin.


Son arananlar: