turklehceleri.org

aýna

Türkmencenin Açıklamalı Sözlüğü (Kyýasowa, 2016)

aýna

[a:ýna], at. 1. Ak, ýalpyldawuk çägäni eretmek we himiki taýdan işlemek ýoly bilen alynýan dury jisim. Aýna önümçiligi. 2. Arka ýüzüne reňk we syrça çalnan ýüz görülýän esbap, gözgi. Bir gyz gördüm, aýna bakyp, Gara saçyn darap durka (K. Gurbannepesow). 3. Gözleri aýnalanan äpişge, penjire. Ol aýnanyň öňüne baryp, daşaryk seretdi. 4. Ýakyn we daş aralykdan görmäge ýardam edýän äýnege dakylýan optiki çüýşe. 5. göç.m. Wakalary, hadysalary beýan edýän görkezgiç. 6. Gyza dakylýan at.
 ‣ Aýnada gören ýaly açykdan-açyk, ikuçsuz, mese-mälim, gümürtik däl. Aýnada gören ýaly, ýanynda duran ýaly (Matal). Men şony aýnada gören ýaly bilýärin! (N. Saryhanow). Aýna ýaly ýylmanak, tekiz, ýalpyldawuk; tämiz, arassa.


Son arananlar: