turklehceleri.org

Klas

Türkiye Türkçesi – Tatarca Sözlük (Ganiyev, 1998)

klas

1. и. сыйныф. 2. с. күч. менә дигән

Türkmencenin Açıklamalı Sözlüğü (Kyýasowa, 2016)

klas

[kla:s], at. 1. Ýere her tarapy üç öýden, jemi alty öýden ybarat dörtburçluk çyzylyp, bir aýakda towsaklap, ýasyja daş ýa-da gutujyk aýagyň ujy bilen bir öýden ikinji öýe geçirilip oýnalýan çaga oýny. Olar tekizje ýerde klas oýnaýardylar. 2. Bir işde hünäriň, taýýarlygyň derejesi. Üçünji klas sürüjisini taýýarlaýan okuw açyldy. 3. Sazçylyk mekdeplerinde aýratyn bölüm. Dutarçylar klasy. 4. taryh. Şol bir okuw ýylynyň okuwçylar topary, synp. Altynjy klasda okaýan Şaguly dagy orlan bugdaý başlaryny tagarlara, çuwallara salyp, majarda* döwege çekýärdiler. Ikinji, üçünji klaslaryň oglanlary harmanda işleýärdiler (Gurbanguly Berdimuhamedow, Döwlet guşy). Körpe jigim ak hek alyp eline, Klas tagtasyna adyny ýazdy (M. Seýidow).


Son arananlar: