turklehceleri.org

Durmuş

Türkmencenin Açıklamalı Sözlüğü (Kyýasowa, 2016)

durmuş

I, at. 1. Jemgyýetiň we adamlaryň dürli görnüşdäki ýaşaýşy. Jemgyýetçilik durmuşy. Maşgala durmuşy. Durmuş ýagdaýy. Gowy durmuşda ýaşamak. Talyplaryň durmuşy. Agyr durmuş. Durmuşyňdan nalamak. 2. Bize bagly bolmadyk barlyk, real hakykat. Edilen teklipleri durmuşa geçirmek. Durmuşyň öz kada-kanunlary bar.
 ‣Durmuşa çykmak äre barmak, äre çykmak, maşgala gurmak. Durmuşa geçirmek bir işi amala aşyrmak, iş ýüzüne geçirmek, amal etmek. Durmuş gören 1) ozal durmuşa çykan, äre baran; 2) durmuşy gowy bilýän, köpi gören, tejribeli. Durmuş gurmak öýlenip ýa-da durmuşa çykyp, maşgalaly ýaşap ugramak; öýli-işikli bolmak.


DURMUŞ II: durmuşy bilen bir zat tutuşlygyna, bir zadyň hemme ýeri. Usti-başyň durmuşy bilen palçyk bolupdyr.


Son arananlar: