turklehceleri.org

ýiti

Explanatory Turkmen Dictionary (Kyýasowa, 2016)

ýiti

syp. 1. Gowy kesýän, kesgir, ötgür. Ýiti gylyç. Ýiti palta. 2. Ýakyp barýan, güýçli. Günüň ýiti şöhlesi. 3. Ýaldyrap duran, ýagtysy güýçli. Asmanyň ýiti ýyldyzlary kem-kemden ölügsilenip, gündogardan göterilen daň şapagy dünýä ýüzüne çalymtyk bolup çaýyldy (B. Kerbabaýew). 4. göç.m. Güýçli depgin bilen alnyp barylýan, aldym-berdimli, güýçli, gazaply. Birinji tapgyrda örän ýiti, çekeleşikli oýunlar boldy. 5. göç.m. Ýokary düşünjeli, üşükli, örän zehinli. Ýiti okuwçy. 6. göç.m. Gowy görýän, görgür, içiňden geçip barýan, göreji kütelmedik. Soň Jeren ...ýiti gözüni doganyna dikdi (A. Durdyýew). 7. göç.m. Gowy eşidýän, eşitgir. Ýiti bolar gulaklary, Ýaşyl öwser ýelekleri (M. Garryýew). 8. göç.m. Içgin, ünsli,dykgatly, siňe-siňe. Ol myhmana ýiti seretdi. 9. göç.m. Güýçli duýulýan, güýçli täsir edýän (aýaz, agyry we ş.m. hakynda). Ýalan süýji sözden dogry ajy söz, Gowudyr ýaksa-da, bolup ýiti köz (A. Kekilow). Maňa ýiti seredip, Bir zat diýýärler gülşüp (A. Kekilow). 10. göç.m. Açyk, dok, göze ilgiç (reňk hakynda). Ýiti gyzyl tiz solar (Nakyl).
 ‣ Ýitä galmak özüňi hondanbärsi saýmak, beýik hasaplamak; ilden artykdyryn öýtmek. Meniň başyma jaýly bolup ýitä galypsyň (A. Gowşudow). Ýiti burç 90 gradusdan az bolan burç. Ýiti gözli hüşgär, sak. Ýiti söz çuň manyly, täsirli söz.


Last searches: