ýarma
Explanatory Turkmen Dictionary (Kyýasowa, 2016)
ýarma
[ýa:rma] I, iş ady. Ýarmak ýagdaýy.
ÝARMA [ýa:rma] II, at. 1. Bugdaý, ak jöwen ýaly ekinleriň däneleri iri-iri ýarylyp döwlen önüm. Ol degirmenden ýarma ýardyryp geldi. 2. Ýanan ýagyň içine et, sogan atylyp, gowrulandan soň suw guýlup gaýnadylýan we gaýnan suwa bugdaý ýarmasy atylyp bişirilýän nahar (ýarmany uzak wagtlap gaýnatmaly we bulap durmaly bolýar). Bu ýigitler bir tabak ýarmany orta alypdyrlar-da, biri eýläk, birem beýläk çekýär (“Görogly”).