turklehceleri.org

süýnmek

Explanatory Turkmen Dictionary (Kyýasowa, 2016)

süýnmek

[süýnmök] I, işl. 1. Boýuna ýa-da inine uzalmak; sozulyp uzalmak. Rezini çekseň süýnýär. Mata inine süýnýär. 2. gepl.d. Çalt hereket edip gitmek. Ýüwrüklikde deňi-taýy bolmadyk at, atylan ok ýaly süýnüp gaýdýar (B. Seýtäkow). 3. Uzynlygyňa, uzaboýuňa gyşarmak, uzalyp ýatmak. Ol hiç kime seretmän, hemişeki ýatýan düşekçesine baryp süýndi (O. Ödäýew).


SÜÝNMEK [süýnmök] II, syp. Boýuna uzalyp giden, süýri. Akly, saryly, süýnmek, togalak garpyzlaryň her biri Köpetdagyň mähnet daşlary ýaly (B. Kerbabaýew).


Last searches: