daňy
Explanatory Turkmen Dictionary (Kyýasowa, 2016)
daňy
at. 1. Ýara we ş.m. daňmak üçin sargy. Nahardan soň lukman gelip, ýaralaryna derman etdi, daňylaryny täzeledi (A. Gowşudow). 2. Bir zady daňmak, güýlmek üçin bölek ýüp, bag. 3. Daňlyp, baglanyp goýlan zat, goş, ýük. Haşlap uludan demini alyp, iki elini bykynyna urup, otla seretdi, yzyndan Nurgeldiniň golunyň, aýagynyň daňylaryny kesişdirip boşatdy (A. Durdyýew).