turklehceleri.org

almak

Turkish—Tatar Dictionary (Ganiyev, 1998)

almak

ф. алу

Comparative Turkic Languages Dictionary (Ercilasun, 1991)

almak

Türkiye Türkçesi: almak
Azerbaycan Türkçesi: almag
Başkurt Türkçesi: alıv
Kazak Türkçesi: aluv
Kırgız Türkçesi: alū
Özbek Türkçesi: àlmàk
Tatar Türkçesi: alu
Türkmen Türkçesi: almak
Uygur Türkçesi: almak
Rusça: vz'at' brat'

Kyrgyz—Turkish Dictionary

almak

almak salmak bk. salmak I.

Explanatory Turkmen Dictionary (Kyýasowa, 2016)

almak

1. işl. Eliň bilen tutmak, gysymyňa gysmak. Aýak bar ýörmäge, el bar almaga, Kany bende, saglyk, şükür kylmaga (Magtymguly). 2. Pul töläp edinmek, bahasyny töläp, öz eýeçiligiňe geçirmek. Hyrydar puluny töläp, halyny aldy. 3. Ýanyň bilen äkitmek, götermek. Kagyza dolap üç-dört atym çaý aldy. 4. Mahrum etmek, dyndarmak. Agsagyň elinden alsaň agajyn, Ýaman derde düşer, tapmaz alajyn (Magtymguly). 5. Eýelemek, öz hasabyňa geçirmek, eýe durmak, gola salmak. 6. Kabul etmek. 7. gepl.d. Geçmek, ätmek, aşmak. Olar on günlük ýoly üç günde alypdylar. 8. göç.m. Eýe bolmak, mynasyp bolmak. Ýagşylykda ile özün tanydan, Alkyş alyp, derejesi zor bolar (Magtymguly). 9. Gurşamak, gabamak, basmak. Ýowuz galdym, sil alypdyr etrabym, Köňlümniň ummany – Azadym kany? (Magtymguly). Gapyllykda duşman aldy daşymyz, Dargatdy her ýana deňi-duşumyz (Magtymguly). 10. Ýerine düşürmek, öwezini dolmak, haklaşmak, üzülmek. Aryňy almak. 11. Tapmak, ele salmak. Muny nireden aldyň? 12. Öýlenmek, gelin edinmek. Alsaň bir sary diş garry aýaly, Oýnaşyp gülüşseň, sapasy bolmaz (Magtymguly). 13. Syrmak, aýyrmak. Dyrnak almak. Saç-sakgal almak. 14. Turşulygy gerekli hetde ýetmek, kadaly turşamak. Hamyr alypdyr. 15. Öwrenişip, ysnyşyp kabul etmek. Goýun ýetim guzyny aldy. 16. gepl.d. Oňarmak, ýerine düşürmek, jüpüne düşürmek. Kak bäşi, bolsa-da, şuny-ha aldyň! 17. Öldürmek, ölmegine getirmek. Goýun-geçä çerreltme degse, derrew alýandyr. 18. Belli bir şekilde gelen almak işliginden soň barmak, bermek, bilmek, çykmak, galmak, ýatmak ýaly işlikler gelip, täze manyly düzümli işlikler ýasalýar: Aljak bolmak almaga synanyşmak, almaga çalyşmak. Alyp barmak 1) bir ýerden ikinji bir ýere ýanyň bilen äkitmek, alyp gitmek. 2) ýolbaşçylygynda amala aşyrmak. 3) ýöretmek, dolandyrmak. 4) haýsydyr bir işi belli bir ugra gönükdirmek, dolandyrmak, bir zada ýolbaşçylyk etmek. Ýygnagy alyp barmak. 5) biri bilen gepleşeniňde gürrüňdeşiňe ýol bermezlik; gaty-gaty geplemek. Bolşuň nähili, edil ker bilen gepleşýän ýaly, alyp barýaň. 6) güýçli täsir edip, ýagdaýyňy kynlaşdyrmak, erbetleşdirmek. Bä, yssy alyp barýar, çydar, eder ýaly däl. Alyp başlamak (ugramak) almaga girişmek, alybermek. Alyp bermek birine bir zat äbermek; bir zat bermek. Alyp bilmek almagy başarmak, almagyň hötdesinden gelmek. Alyp bolmak 1) almak mümkinçiligi döremek. Alyp bolsa, menem maşyn alarmykam diýýän. 2) almak işini tamamlamak. Men-ä aljak zatlarymyň baryny alyp boldum, indi gaýdybersegem bolýar. Alyp çykmak 1) birini ýa-da başga zady özüň bir ýerden çykarmak. 2) başarmak, hötde gelmek. Alyp durmak bir zady gaýta-gaýta almak, zol-zol almak. Hiç zat diýilmese-de, özüňki däl zady her gezek alyp durmak bolmaz. Alyp galmak 1) özi almak, özünde goýmak. 2) ýanyndan hiç ýere goýbermezlik, öz ýanynda saklamak. 3) üýtgewsiz saklamak, saklap galmak. 4) haýsydyr bir zatdan halas etmek, saklap galmak. Alyp gaýtmak 1) öz ýurduna, öýüne ýany bilen äkitmek. Alyp gelmek başga bir ýerden ikinji bir ýere getirmek, eltmek; äkelmek. Alyp gitmek ýanyň bilen äkitmek, götermek. Alyp görmek 1) bir zady ilkinji gezek almak. Men bazardan et alyp gördüm diýsem ýalan bolar, öz bakyp- semreden janlylarym bilen mydar edýän. 2) bir zady mysal hökmünde almak, peýdalanmak. Alyp ýatmak bir zat aýdyp halys etmek, ýürege düşmek, bizar etmek. Meni kino äkit diýip alyp ýatdyň-aý. Basyp almak uruş edip eýelemek, uruş arkaly eýelemek. Gaplap almak kimdir biri ýa-da nämedir bir zat tarapyndan doly suratda eýelenmek (duýgy, pikir we ş.m. hakynda). Gaýdyp almak öz zadyňy, sözüňi yzyna almak, gaýtmyşym etmek (aýdan sözüň hakda). Gurşap almak daş-töweregini gaplap almak, eýelemek. Saýlap almak bar zatlaryň içinden gereklisini, gowy hasap edilenini almak. 18. Almak işligi atlaryň yzyndan gelip, täze manyly düzümli işlikler ýasalýar: Bat almak bir işi, hereketi amala aşyrmak üçin bar güýjüňi bir ýere jemläp hereket edip ugramak. Bilim almak ylymly, bilimli bolmak üçin okuw okamak, öwrenmek. Boý almak ösmek; ese-boýa galmak. Boýun almak 1) eden etmişiňi, günäňi, hata işiňi özüň tassyklamak. 2) bir zada boýun bolmak, kaýyl bolmak. Dem almak ýaşaýyş üçin zerur bolan howany içiňe çekmek, içiňe sormak. Dynç almak güýjüňi dynçlyk arkaly dikeltmek, rugsadyňy bir ýerlerde geçirmek. Dyrnak almak dyrnagyňy kesip, gaýçy bilen gyrkyp aýyrmak. Garşy almak öňünden çykyp garşylamak. Goldaw almak kömek, ýardam almak. Görelde almak biriniň gowy hereketlerini etjek bolmak. Habar almak sorap, idäp ýa-da üstüne baryp, anygyny bilmek. Eger habar alsaň, gepiň teýinden, Diňleseň, diýeýin janym öýünden (Magtymguly). Hak almak ýerine ýetirilen işiň muzduny, aýlyk-günlük puluny almak. Hasyl almak ýetişdiren hasylyňy ýygnamak. Lezzet almak bir zadyň lezzetini bilmek, duýmak, başdan geçirmek. Misil almak nusga almak; mysal tutmak. Salgy almak bir ýere nädip barmalydygyny birinden sorap anyklamak. Sapak almak sapagy özleşdirmek. Satyn almak satylýan harydy, zady pul berip, öz tarapyňa geçirmek, almak. Surat almak fotoapparat arkaly suratyny, şekilini döretmek, surata düşürmek. Ugur almak bir zada esaslanmak. Wagtyny almak gerekmejek sözüň, hereketiň bilen birini gereginden artyk güýmemek, saklamak. Ylym almak ylymlary özleşdirmek, öwrenmek. Ys almak bir zadyň ýakymly ýa-da ýakymsyz ysyny burun arkaly duýmak, syzmak, bilmek.
 ‣ Alan galaň özüňki dört tarapyň açyk, eliň-aýagyň boş, eliňden gelenini ediber. Alan galasy bolmazlyk başaran zady bolmazlyk, elinden iş gelmezlik. Alany ýanyna 1) artany üstüne, köpeleni peýda, üstüne goşulany haýryna. 2) göwnedeni özüne, yrany öz ýarany. Alan ýeri (ýerim, ýeriň, ýeri; ýerimiz, ýeriňiz, ýeri, ýerleri) satyn alan bahasy. Satyn alan harytlarym özüni ödärmikä ýa-da alan ýerime geçse-de oňaýmaly bolarmyka? Aldyň alty şaýyňy! aldyň gerek aklygyňy, aldyň almytyňy. Alyp barýan galasy ýok ilden saýlananok, elinden derekli iş gelenok. Aý, seniňem bir alyp barýan galaň ýok-la! Alyp gaçmak 1) gyzy gizlin äkitmek, gyzy razylygy bilen hossarlaryndan ýaşyryn alyp gitmek. 2) biriniň diýjek bolýan zadyny öňünden biljek bolmak, öňürtjek bolmak. Sen gürrüňi alyp gaçma-da, soňuna gulak goý. Alyp geç (geçsin) biriniň bir zat almagyny oňlamadyk adam tarapyndan aýdylýar. Olam alsa alyp geçsin, bize-de ýeter. Alyp götermek 1) biriniň pikirine goşulmak, duýgudaşlyk etmek, goldamak, tarapyny çalmak. 2) biriniň edenini etmek, öýkünmek. Alyp ýatmak 1) öz eňegiňe tutmak, ýürege düşmek, halys etmek, irizmek. 2) gutarnykly ýeňmek. Alyp-ýolup barmak bir işi çalt ýerine ýetirmek, iňňän başarnykly hereket etmek, ot ýaly bolmak. Ýüzüni almak esassyz ýere göni özüne gaty-gaýrym söz aýtmak. Ýersiz ýere çaganyň ýüzüni alyp durmak bolmaz.

Karachay-Balkar—Turkish Dictionary (Nevruz, 1991)

almak

almak, çıkarmak, zaptetmek. Askerge ~: askere almak, allın ~: önünü almak, atnı avuzluğun ~: atın gemini almak, bir canına ~: bir tarafa almak, atnı cerin ~: atın eğerini almak, örge ~: yukarı almak, kolğa ~: ele almak, koyunña ~: koynuna almak, kan ~: kan almak, ortağa ~: ortaya almak, hıysabha ~: hesaba almak, hesaba katmak, dikkate almak, esge ~: akla almak, kafaya sokmak, erinçekni er almaz: tembeli er almaz (erkek tembel kadınla evlenmez), calğa ~: ücret vererek almak, ücretle adam kiralamak, önküç ~: ödünç almak, xaux ~: kullanmak için almak, kaymağın ~: kaymağını almak, bağa ~: pahalıya almak, alim at ~: alim ünvanını almak, ustalık ~: ustalık icazeti almak, şaharnı ~: şehri zaptetmek, soluv ~: nefes almak, solumak, ayıb ~: ayıplanmak, lekelenmek, ülgü ~: örnek almak, davlab ~: hak iddia ederek almak, sıyırıb ~: geri almak, saylab ~: seçip almak, satıb ~: satın almak, sermeb ~: kapıp almak, sıdırıb ~: kazıyıp almak, alıb boşamak: alıp bitirmek, alıb bermek: alıp vermek, alıb salmak: alıp koymak, alıb çıkmak: alıp çıkmak, alıb cetmek: alıp yetişmek, alıb koymak: alıvermek, asıv ~: asığ almak, faydalanmak, avrıvun ~: hastalığını almak, açıvun ~: acısını çıkartmak, hıncını almak, örlük ~: üstünlük almak, muzaffer olmak, kef ~: keyif almak, karıv ~: güç almak, horlam ~: başarı kazanmak, zafer kazanmak, söz ~: söz almak, alıb karamak: alıp bakmak, alsañ al, almasañ alma: alırsan al, almazsan alma, ondan beşni alsañ, beş kaladı: ondan beşi çıkarırsan, beş kalır, ala-bere bilmegen, berse közüne cuku kirmegen: almasını vermesini bilmeyen, verse de gözüne uyku girmeyen (a.s.), alırın bilgen, beririn da bilir: almasını bilen, vermesini de bilir (a.s.), almay sokuranñandan ese, alıb sokuran: almadan pişman olmaktansa, alarak pişman ol (a.s.), cürüse can sala, tohtasa can ala: hareket ederse can verir, durursa can alır (bilmece/kan dolaşımı),.

Index of Diwan Lughat al-Turk (TDK)

almak

almak· I, 40, 41, 46, 51, 53, 99,114,149, 168. 175, 236, 329, 367, 373, 412, 421, 440;II, 13, 24. 87, 110, 219, 294; III, 6, 155, 161, 224, 371, 372


Last searches: